Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Alpet Stakehouse” Türkmenistanda ilkinji steýkhaus bolup öz gapylaryny 2016-njy ýylda açyp ýatdan çykmajak tagamlary we örän baý görnüşdäki steýkleri Size hödürleýär.
Alpet Stakehouse dynç alyşlaryňyzy we dynç günleriňizi janly aýdym-saz we ýakymly ýatlamalar bilen baýlaşdyryp, ýakymly duýgyny başdan geçirmäge çagyrýar
Ähli taýýarlanýan steýklerimiz we tagamlarymyz üçin Türkmenistanyň çäginde ösdurilip ýetişdirilýän, sagdyn iri mallar ullanylyp, olaryň etleri halal görnüşde belli hünärmen etçilerimiz tarapyndan taýýarlanylýar.
“AlpEt Steakhouse”-y beýleki restoranlardan tapawutlandyrýan ýene bir aýratynlygy hem bu restoranyň aşhanasynyň “front-of-the-house” – ýagny, müşderileriniň gözýetiminde ýerleşmesidir. Bu ajaýyp restorana ilkinji gezek aýak basanyňyzda, sizi girelgede garşy aljak, “dry-aged” usulynda kakadylan et görnüşleri haýran galdyrar.